Gerekli resminamalar

Umumy maglumatlar


  • Türkmenistandaky Türkiýe wiza ýüzlenme merkezi, wiza ýüzlenmelerini diňe Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçihanasynyň talaplaryna we standartlaryna laýyklykda kabul edýär.

  • Ähli ýüzlenmeler boýunça karary diňe İlçihana berýär. Biziň Türkiýe wiza ýüzlenme merkezimiziň karar bermek hukugy ýokdur we ýüzlenmeleriň möhletine ýa-da netijesine täsir edip bilmeýär.

  • Türkiýe wiza ýüzlenmesi biometrik hasaba almagy (barmak yzlaryny ýygnamak) talap edýändigi sebäpli, ähli ýüz tutujylar wiza ýüzlenmesine şahsy gatnaşmalydyr. Emma, 8 ýaşyna ýetmedik çagalar üçin biometrik hasaba alyş talap edilmeýär.

  • Daşary ýurt raýatlary, ýagdaýyna ýa-da statusyna garamazdan, biziň wiza ýüzlenme merkezimize şahsy taýdan ýüz tutmalydyrlar.

  • Ähli tölegler, şol sanda wiza ýygymlary hem, biziň wiza ýüzlenme merkezimizde ýüzlenme wagty Amerikan dollary (USD) görnüşinde nagt tölenmelidir.

Üns beriň: Aşgabat ofisi Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan ýüzlenmeleri kabul edýär. Hiç hili sebit çäklendirmesi ýokdur.

Möhüm duýduryş


  • Biziň ofisimiziň wiza ýüzlenmäniň netijesine hiç hilli dahyly ýa-da täsiri ýokdur. Wiza ýüzlenmäniň netijesi İlçihana tarapyndan kesgitlenilýär.

  • Köp gezeklik (multiple) wiza talap etmek, onuň beriljekdigini kepillendirmeýär. İlçihana öz islegine görä bir gezeklik wiza berip biler. Şeýle ýagdaýlarda, hyzmat tölegleri ýa-da wiza ýygymlary yzyna gaýtarylmaýar.

  • Pasportyňyzy merkezimizden yzyna almazdan ozal, gutarnykly syýahat meýilnamaňyzy düzmäň, uçar biletiňizi we myhmanhana bronyňyzy almaň.

  • Wiza ýüzlenme merkezimize tölenen tölegler ýüzlenmäňiziň netijesine garamazdan hiç bir möçberi yzyna gaýtarylmaýar.

  • Resminamalaryň doly däl ýa-da nädogry tabşyrylmagy, netijäniň gijikmegine ýa-da red (oňyn däl) bolmagyna sebäp bolup biler.

  • Ýüzlenmäniň seljerme möhleti diňe İlçihana tarapyndan kesgitlenilýär. Biziň ofisimiz bu möhleti çaltlandyryp ýa-da oňa täsir edip bilmeýär.

  • Tabşyrylan ähli resminamalaryň dogrulygy we dolulygy baradaky jogapkärçiligi ýüz tutujy öz üstüne alýar.

Syýahatçylyk Wizasy Üçin Gerekli Resminamalar


Üns beriň: Siz ähli resminamalary doly tabşyran bolsaňyz hem, Ilçihana goşmaça resminamalary talap etmek hukugyna eýedir.

1. Pasport

  • Bir gezeklik wiza üçin daşary ýurt pasport Türkiýe Respublikasyna giriljek senesinden başlap azyndan alty (6) aý möhlet bilen hereket etmeli we azyndan iki (2) boş wiza sahypalary bolmaly. Köp gezeklik wiza üçin daşary ýurt pasport Türkiýe Respublikasyna giriljek senesinden başlap azyndan on iki (12) aý möhlet bilen hereket etmeli we azyndan iki (2) boş wiza sahypalary bolmaly.

  • Bar bolsa, ozalky pasportlaryň we alnan Türkiýe, Şengen, Beýik Britaniýa ýa-da ABŞ wizalaryň göçürmesi.

2. Biometrik surat

  • Iki (2) sany täze biometrik fotosurat. Surata bolan talaplar: ak arkaly (fon), ölçegi 5x6 sm we soňky alty (6) aýyň içinde düşülen bolmaly.

3. Şahsyýetnama we ýaşaýyş rugsatnamasy

Türkmenistanyň raýatlary üçin:

  • Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň (içerki pasport) asyl nusgasy we göçürmesi.

  • Dogluş hakynda, Nika baglaşylan/ bozulandygy hakynda şahadatnamalar we türk diline terjimeleri.

Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary üçin:

  • Arza berijiniň azyndan üç (3) aý möhleti galan Türkmenistanda ýaşamak üçin rugsady bolmalydyr. Rugsatnamanyň asyl nusgasy we göçürmesi.

4. Iş ýeri baradaky resminamalar

Gullukçylar üçin:

  • Asyl nusgadaky işleýänligi we aýlyk zähmet haky baradaky kepilnama we onuň türk diline terjimesi. Soňky üç (3) aýyň aýlyk haky bolmagy zerurdyr.

  • Eger bar bolsa soňky üç (3) aýyň bank hasap hereketi.

Işewürler üçin:

  • Edara görnüşli taraplar üçin hasaba alyş şahadatnamasynyň asyl nusgasy.

  • Telekeçiler üçin tölegi edilen tassyknama (patent) we göçürmesi.

  • Her ikisi üçin hem soňky üç (3) aýyň bank hasap hereketi ýa-da soňky ýarym ýylyň salgyt deklarassiýasy (salgyt gullugynyň möhüri hökman bolmaly).

Pensionerler üçin:

  • Soňky möhri basylan pensiýa kitapçasy ýa-da soňky üç (3) aýa degişli pensiýa töleg kepilnamasy.

  • Bank tarapyndan tassyklanan soňky üç (3) aýyň bank hasap hereketi.

Işlemeýän raýatlar üçin:

  • Hemaýatçysyz (sponsorsyz) arza kabul edilmeýär.

  • Türkiýanyň raýaty sponsor bolsa: Notarius tarapyndan tassyklanan hemaýatçylyk barada Kepillik haty (Taahhütname), iş ýerinden aýlyk haky görkezilen kepilnama (soňky 3 aý bolmaly) ýa-da soňky üç (3) aýyň bank hasap hereketi bolmaly.

  • Türkmenistanyň raýaty sponsor bolsa: Garyndaşlygyna garamazdan, notarius tarapyndan berlen sponsor arzasy, iş ýerinden aýlyk zähmet haky görkezilen kepilnamasy we iki resminamanyň hem türk dili terjimeleri.

5. Kämillik ýaşyna ýetmedik arza berijiler (18 ýaşdan kiçi)

  • Ýeke özi syýahat etse : Ene-atanyň ikisiniň hem goly çekilen, notarius tarapyndan tassyklanan Razylyk/Ynanç hatynyň asyl nusgasy we türk dili terjimesi.

  • Diňe bir ene-atasy bilen syýahat etse: Gatnaşmaýan tarapyň notarius tarapyndan tassyklanan Ynanç hatynyň asyl nusgasy we türk dili terjimesi.

6. Goşmaça resminamalar

  • Türkmenistandaky ýa-da Türkiýedäki jaý/ýer mülk kagyzlary (Tapu), bank hasap hereketleri, ulag tehpasporty ýa-da öňki Türkiýe ýaşaýyş rugsatlary.

  • Türkiýede ýaşaýan 1-nji derejeli ýakyn garyndaşlaryň rugsatnama nusgalary.

  • Myhmanhana brony.